Ýyndam döwre — ýyndam ýol (Ýaş žurnalistiň sözi)

1 Noýabr 2021
720

Şeýle bir günler bolýar, ýurdumyzda bolup geçen şanly wakalaryň wideo ýazgysyny synlamak üçin her agşam ýaýlyma çykýan «Watan» habarlar gepleşigini görmäge howlugýarsyň. 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabry hem şeýle günleriň biri boldy. Men şol gün iňrigiň çaltrak garalaryna garaşyp gezdim. Ahyry Günem ýaşyp, sagat 21°° boldy, ýaýlymda «Watan» habarlar gepleşigi başlady...

Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasy boldy. Bu dabara diňe bir taryhy waka däl, eýsem, taryhyň janlanyş wakasy diýseňem bolar.

Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».