Hünär ussatlygy artdyrylýar

1 Noýabr 2021
786

Ýurdumyzda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, ondan netijeli peýdalanmak, harby gullukçylaryň bilim derejelerini has-da kämilleşdirmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň hünär derejeleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, kompýuter sowatlylygynyň ösdürilmegi, dil baýlygynyň artdyrylmagy, giň dünýägaraýyşly, döwrebap tehnologiýalardan netijeli peýdalanmagy başarýan ökde hünärmenler edip ýetişdirilmegi şeýle il bähbitli işleriň esasyny düzýär.

Harby gullukçylaryň sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, bilimlerini artdyrmaklary üçin, Gullugyň içerki internet sahypasynyň binýadynda «elektron kitaphana» ulgamy döredildi. Elektron kitaphanada hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp kitaplary, migrasiýa ugruna degişli kanunlar, düzgünnamalar, kadalaşdyryjy hukuk namalary we ýurdumyzda çap edilýän gündelik gazet-žurnallar ýerleşdirilýär. Taryhda öçmejek yz goýan merdana pederlerimiziň gahrymançylykly ýollaryny, halkymyzyň köpasyrlyk şöhratly taryhyny, milli gymmatlyklarymyzy giňden beýan edýän harby-watançylyk, taryhy, çeper hem-de edebi eserler elektron görnüşinde işgärlerimize hödürlenilýär.

Remezan GULLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, maýor.