Habarlar

1 Noýabr 2021
695

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ GUTLAGY

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna Gutlag iberdi. Gutlagda şeýle sözler bar: «Biz geljekde-de ýurdumyzyň pul-karz syýasatyny yzygiderli kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetimiziň önümçilik maksatly ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmaga, kiçi önümçilikleri höweslendirmäge, ilat üçin karz-maliýe serişdeleriniň möçberlerini köpeltmäge, karz göterimleriniň mundan beýläk-de elýeterli bolmagyny gazanmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, iň täze innowasion, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn üns bereris».

Metbugat habarlary esasynda taýýarlanyldy.