Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýo­ka­ry tiz­lik­li Aş­ga­bat — Türk­me­na­bat aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň Aş­ga­bat — Te­jen bö­le­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy

31 Oktýabr 2021
851

29-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy.

Milli Liderimiziň 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwaryndaky Kararyna laýyklykda, bu giň gerimli taslamany durmuşa geçirmek Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ynanyldy. Resminamada awtomobil ýoluny hem-de onuň desgalaryny üç tapgyrda ulanmaga bermek bellenildi. Şolaryň iň soňkusyny 2023-nji ýylyň dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär.

TDH