Halk bähbitli işlere möhüm ähmiýet berilýär

31 Oktýabr 2021
759

28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan bu mejlisde milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem şu ýylyň noýabr aýynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleri bilen tanyşmak maksady bilen, 22-23-nji oktýabrda Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.

«Mugallymlar gazeti».