Halkyň aladasy — möhüm wezipe

29 Oktýabr 2021
784

28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Hasabatlary degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi, anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde döredijilik duşuşyklaryny, onlaýn maslahatlary, sergileri, aýdym-sazly dabaralary geçirmegiň, döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemegiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi. Hasyl toýy, ählihalk bag ekmek dabarasy hem-de milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Aşgabatda we Ahal welaýatynda ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň, durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň açylyşyna gabatlanyp, döredijilik çäreleri guralar.

"Nesil".