Ýollar bagtyň ýordumy

29 Oktýabr 2021
775

Düýn hormatly Prezidentimiz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmeniň milli aňyýetinde içit bilen geçit gurmagyň sogaby tükeniksiz. Asyrlarboýy gyzgyn gujakly Garagumy özüne hemdem edip ýaşan halkymyz uzak ülkelere syýahat edip, kerwen ýollaryny döredipdirler. Şol ýollaryň boýunda amatly ýerlerde kerwensaraýlar gurup, guýular gazyp diňe bir suwa teşneligini däl, eýsem, ýaşaýşa ylham berýän belent ruhlaryny haýyr-sogapdan gandyrypdyrlar. Şol sebäpli-de, biziň illerde ýol, ýoda, şaýollar bilen baglanyşykly halk döredijilik eserleri sanap çykardan köp. «Ýodany yzlasaň, ýola elter, ýoly yzlasaň ― ile» diýen parasatly danalarymyz halk gahrymanlaryna dagy ýardyryp, ýol çekdiripdirler. Çeşme-çaýlaryň üstünden köprüler, kiçiräk ýaplaryň üstünden paýapyllar ýasap, oba bilen obany, halk bilen halky birleşdiripdirler. Şeýdip, ynsan aragatnaşygy berkäp, ýüreklerden-ýüreklere mähir ýoly çekilipdir. Uzak aralar ýakynlaşyp, dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalanypdyr.

Ogulbeg JUMAÝEWA,
«Nesil».