Hyzmatdaşlygyň belent nusgasy

29 Oktýabr 2021
756

Döwlet Baştutanymyz 28-nji oktýabrda Türkmenistana gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi.

Myhman hormatly Prezidentimiz bilen mähirli salamlaşyp, ýurdumyza gelmäge çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Jenap Husraw Noziri Aşgabatda ilkinji gezek bolýandygyny aýdyp, şäheriň özünde galdyran täsirleri hem-de ak mermerli türkmen paýtagtynyň gözelliginiň hem-de binagärliginiň aýratyn öwgä mynasypdygyny belledi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we bu şanly senäniň şu ýyl Aşgabatda geçiriljek YHG-nyň XV sammiti bilen gabat gelendigini nygtady.

«Watan».