Geljegi nazarlaýan beýik işler

29 Oktýabr 2021
827

27-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Milli Liderimiz maslahatyň barşynda dünýäniň öňdebaryjy energetika döwletleriniň hatarynda durýan ýurdumyzda ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen birlikde nebitgaz pudagyna hem aýratyn ähmiýet berilýändigini, önümçilige ylmyň we tehnikanyň täze gazananlarynyň ornaşdyrylýandygyny, Türkmenistanda tebigy gaza hem-de nebite baý täze ýataklary gözlemek, nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, nebit guýularyny düýpli abatlamak boýunça halkara tejribä laýyklykda uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi.