Abadançylygyň gözbaşy

30 Awgust 2021
1528

Daşky gurşawy goramak meselesi ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn we uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan parasatly ekologiýa syýasaty tebigatyň sagdynlygyny, köpdürlüligini, goraglylygyny, aýawlylygyny üpjün etmäge hyzmat edýär.

Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň hasabyna ilatyň elektrik energiýasyna bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagy wajyp ähmiýete eýedir. Alternatiw energetikanyň mümkinçiliklerini doly peýdalanyp, elektrik energiýasynyň öndürilmegi daşky gurşawa zyňylýan zyýanly gazlaryň mukdarynyň azalmagyna alyp barýar. Şonuň bilen birlikde, döwletimiziň elektrik energetika ulgamyny durnukly ösdürmegi üpjün etmek, munuň üçin ýurdumyzyň aýry-aýry sebitleriniň we çäkleriniň energiýa üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek zerurdyr. Şeýle-de, energiýanyň daşky gurşawa zyýansyz, gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak wajypdyr. Şonuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýasy» kabul edildi. Şolardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde ýurdumyz birnäçe abraýly halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar. Degişli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň mümkinçilikleriniň has-da giňeldilmegi, ýagny bu ugurda dünýä tejribesini özleşdirip, Diýarymyzyň her bir künjeginde «ýaşyl tehnologiýalary» ornaşdyrmak boýunça ylmy-barlaglaryň, innowasion tehnologiýalaryň işlenip taýýarlanylmagy we önümçilige ornaşdyrylmagy möhümdir.

Mämmetgurban HOJALYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň tehniki işgäri.