Täze ýyl baýramçylygy ähli ynsanlaryň kalplaryna şatlyk paýlap, uly-uly umytlara, owadan arzuwlara besleýär. Bu ajaýyp baýramçylyk dünýäniň ähli künjeklerinde bellenilýär. Täze ýyl baýramy maşgala baýramçylygy hökmünde hem meşhurdyr. Öz senenamalaryny millileşdirip ulanýan medeniýetleriň köpüsinde Täze ýyl baýramçylygyny bellemek örän möhüm çäreleriň biri bolup durýar.
Häzirki döwürde ýurtlaryň köpüsinde Grigoriý senenamasy ulanylýar. Täze ýyl baýramynyň belleniliş senesiniň senenamalara görä üýtgemegi bilen, şol baýramçylygyň belleniliş tertibi, däpleri we özboluşly aýratynlyklary hem üýtgeýär. Meselem, Mikroneziýada hem täze ýyl 1-nji ýanwarda garşy alynýar. Ähli adamlar täze ýyl güni özi üçin täze bir at oýlap tapýar we bu hakda ýakynlarynyň gulagyna pyşyrdap aýdýarlar. Garyndaşlarynyň bir bölegi bolsa şol wagt bar güýji bilen deprek çalýarlar. Käbir ýurtlarda adamlar Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda iň gowy arzuwlaryny kagyza ýazýarlar. Sagat 00:00-da jaň kakylanda kagyz ýakylýar. Jaň kakylyp gutarýança kagyz ýanyp gutarsa arzuwynyň hasyl boljakdygyna ynanýarlar. Täze ýyl agşamynda bir bölek süýjülik torty Tibetden geçip barýanlara paýlanýar. Täze ýylyň bereketli gelmegi paýlanan süýjülik tortunyň sany bilen baglanyşykly.