Milli Liderimiz öz çykyşlarynda ägirt uly çig mal serişdelerine eýe bolan dokma pudagynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän senagatynyň depginli ösüşlere beslenýändigini belleýär. Bu pudagyň kuwwatly gaýtadan işleýän binýadynyň döredilmegi netijesinde Türkmenistan dünýäniň dokma önümlerini öndürýän döwletleriniň arasynda mynasyp orny eýeledi. Öndürilýän önümleriň ýokary hilli bolmagy Diýarymyzyň şöhratyny we abraýyny has-da artdyrdy.
Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagy ýurdumyzyň dokmaçylarynyň göwnüni galkyndyrdy. Täze açylan dokma toplumda öndürilýän önümler dünýäniň birnäçe ýurtlaryna eksport ediler. Dokma pudagyna döwletimiz tarapyndan uly üns berilýär. Ýurdumyzda bu pudagyň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy hem-de olaryň öndürilýän çig mal serişdeleriniň golaýynda gurulmagy kärhanany ugurdaş önümleri öndürmäge gönükdirmek üçin mümkinçilik berýär. Bu bolsa, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, kärhanalaryň düşewüntliligine hem-de harytlaryň ahyrky bahasyna täsir edýär.