Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge, maliýe-bank ulgamyny kämilleşdirmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeler ykdysady ösüşiň esasy bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda diwersifikasiýalaşdyrylan, bäsdeşlige ukyply, innowasion ösüşi üpjün etmek üçin maliýe we bank ulgamlarynyň durnukly bolmagyny gazanmak wajyp bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi bilen bir hatarda, Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky hem öz işjeňligini «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrýar.
Konsepsiýada ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň maglumat-aragatnaşyk, tehnologiýalar binýadyny seljerip, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we maddy-tehniki binýady döwrebaplaşdyrmak boýunça bäsleşikleri yglan etmek, kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde tejribeli milli we halkara bilermenleri işe çekmek, ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar.