Hemişelik Bitaraplyk — Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň kämil beýany

17 Awgust 2021
1573

Soňky çärýek asyryň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde derwaýys meseleleri çözmekde, döwletler bilen halklaryň arasyndaky dostlugy, hoşniýetli gatnaşyklary berkitmekde oňyn netijesini görkezdi. Merkezi Aziýada asudalygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy berkarar etmek babatda halkara tagallalara goşulyşmak bilen, konstruktiw gepleşikleri ýola goýmaga gönükdirilen parahatçylygy goraýyş mümkinçilikleriniň Türkmenistan tarapyndan işjeň durmuşa geçirilmegi netijesinde, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy düzgünleridir ýörelgeleri berk berjaý edilýär.

Milli Liderimiz Durnukly ösüş arkaly parahatçylygy berkitmek ýörelgesiniň Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýasynyň özenini emele getirýändigini nygtaýar. Halkara hukuk kadalaryny gyşarnyksyz berjaý etmek, harby çaknyşyklaryň islendik görnüşine gatnaşmazlyk we daşary syýasatyň öňdengörüjiligi netijesinde, parahatçylygy berkitmek özygtyýarly türkmen diplomatiýasynyň esasy ugurlarynyň diňe käbirleridir. Bu diplomatiýa, şol bir wagtyň özünde, daşary döwletler bilen bilelikdäki ykdysady we maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmek bilen, özara bähbitlere hormat goýmak esasynda, milli ykdysadyýetiň ösmegine-de goldaw berýär.

Ysmaýyl TAGAN,
žurnalist.