Ösüşiň aýdyň ýoly

15 Awgust 2021
1550

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gazanylan üstünlikler ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Bu beýik we buýsançly döwürde ýurdumyzyň halkara abraýy Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň netijesinde barha beýgelýär. Ýurdumyz parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça halkara tagallalara saldamly goşant goşýar. Munuň özi halkara gatnaşyklaryň häzirki şertlerinde hemişelik Bitaraplygymyzyň uly ähmiýete eýe bolýandygyny görkezýär.

Milli Liderimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýa, öňe sürülýän başlangyçlar bütin dünýäde giň goldawa eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklibi esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Syýasy nukdaýnazardan, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan şeýle möhüm resminamanyň kabul edilmegi dürli meseleleri çözmegiň ýollaryny tapmaga mümkinçilik berýän öňüni alyş diplomatiýasynyň ýokary netijeliligini tassyklaýar. Şeýle hem baky Bitarap Türkmenistanyň häzirki zaman şertlerinde parahatçylyk döredijilik tejribesiniň zerurdygyny görkezýär. Häzirki wagtda halkara gatnaşyklaryny oňyn ugra gönükdirýän, gapma-garşylyklaryň öňüni alýan we birek-birege hormaty alamatlandyrýan parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetini ösdürmek, halklaryň birek-biregi sarpalamak gatnaşyklaryny giňeltmek we berkitmek boýunça işlere badalga berilýär.

Selbi SAPAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.