Parahatçylygyň belent nusgasy

27 Iýul 2021
1581

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda parahatçylyk ýörelgeleri dabaralandyrylýar, berkarar döwletimiziň abraýy, şan-şöhraty has-da belende göterilýär. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilige, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasaty, döwlet, halk, umumadamzat bähbitli beýik işleri, özgertmeleri netijesinde Watanymyz durnukly ösýär.

Halklaryň dostlukly gatnaşyklaryna täze ýollary açýan, asyrlaryň dowamynda kemala gelen parahatçylyk söýüjilik, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerimizi dabaralandyrýan daşary syýasatymyz bütin dünýäde goldanylýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda iki gezek ykrar edilmegi dünýäde uly taryhy wakadyr. Çünki hemişelik Bitaraplyk syýasaty parahatçylyk söýüjilik, açyklyk, deňhukuklylyk, hoşniýetlilik, merdana halkymyzyň bütin taryhynyň dowamynda kemala gelen, islendik meseläni gepleşikler arkaly çözmäge bolan taýýarlyk ýaly milli aýratynlyklarymyzyň ajaýyp nusgalaryny özünde jemleýär.

Gurbanberdi GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri.