Ajaýyp ýeňişlere eýe bolýan türgen

23 Iýun 2021
1042

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda biziň sport mekdebimizde sportuň alty görnüşi hereket edýär. Mekdebimiziň ussat tälimçi-mugallymy, sportuň kik-boksing görnüşi boýunça Türkmenistanyň sport ussatlygyna dalaşgär Çarygeldi Bekmyradowyň taýýarlan türgeni — Mary şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň we Türkmenistanyň sport we syýahatçylyk institutynyň uçurymy, Türkmenistanyň sport ussady Şöhrat Ýagmyrow sportuň kik-boksing görnüşi boýunça ajaýyp üstünliklere eýe bolýar. Ol 2014-nji ýylda Russiýa Federasiýasynda geçirilen dünýä ýaryşynda I orny, Türkiýe döwletinde geçirilen halkara ýaryşda hem I orny, 2015-nji ýylda Latwiýa döwletinde geçirilen halkara ýaryşynda I orny, 2016-njy ýylda Estoniýa döwletinde geçirilen halkara ýaryşynda I orny eýeläp, ýurdumyza uly abraý getirdi.

Şeýle hem ol dünýä we halkara derejesinde geçirilen ýaryşlaryň ençemesine gatnaşyp, 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara eýe bolup, Türkmenistan döwletimiziň sport abraýyny belende göterdi.