Kardiologiýa ulgamynda ýetilen sepgitler

16 Iýun 2021
1119

Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýürek-damar kesellerini bejermekde we öňüni almakda ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanany döwrebaplaşdyrmak we bu hassahanada ýurdumyzyň ilatyna ýöriteleşdirilen bejeriş-öňüni alyş kömeginiň dünýä derejesinde berilmegini üpjün etmek maksady bilen, hassahananyň täze binasy 2014-nji ýylda ulanylmaga berildi. Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň binalar toplumy 350 orundan ybarat bolup, bu ýerde ilata ýöriteleşdirilen kardiologiýa kömegini bermek üçin niýetlenen: merkezleşdirilen kabul ediş, hirurgiki aritmologiýa, anesteziologiýa we reanimasiýa, angiohirurgiýa, operasiýa, toksikologiýa we gemodializ, maslahat beriş we anyklaýyş, gan banky, rentgen-endowaskulýar hirurgiýa, çagalar we ulular üçin rewmatologiýa, iç keselleri, endokrinologiýa, şöhle bilen anyklaýyş we kliniki-anyklaýyş, barlaghana hem-de endoskopiýa bölümleri bar. merkezde kardiohirurgiýa, kardiologiýa, miokardyň infarkty, funksional anyklaýyş, fizioterapiýa we saglygy dikeldiş ylmy-kliniki, şeýle-de «Berzeňňi» ylmy-şypahana bölümleri hereket edýär.

Ýazmyrat GARAJAÝEW,
Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň direktory.