Täze tehnologiýalara daýanyp

14 Iýun 2021
777

12-nji iýunda ýurdumyzda Ylymlar güni giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hem Diýarymyzda ylym ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, jemgyýetimiziň we döwletimiziň ösüşiniň hereketlendirijisi hökmünde ýurdumyzda ylmyň we tehnikanyň bitewi hem-de öňe gidýän ösüşini üpjün edýän ylmy-tehniki syýasatyň üstünlikli alnyp barylýandygyny aýtdy. Ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça geçirilýän barlaglaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak, döwrebap senagat kärhanalaryny döretmek, ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek bilen, durnukly ykdysady ösüşi gazanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

«Aşgabat».