Mekgejöwen

11 Aprel 2021
1759

Mekgejöwen bütin dünýäde hem-de güneşli Diýarymyzda giňden ýaýran ösümlikdir. Bu birýyllyk ösümligiň watany Meksika hasaplanýar. Maglumatlara görä, mekgejöwen 9 müň ýyl mundan ozal medenileşdirilip, köpçülikleýin ekilip başlanypdyr. Mekgejöwen Antarktidadan başga ähli yklymlarda ekilip, ekiliş möçberi boýunça bugdaýdan soň ikinji orunda durýar. Ondan un, krahmal, ýag ýaly ençeme iýmitlik önümler bilen birlikde, derman serişdeleri, mallar üçin ot-iým hem taýýarlanylýar. Mekgejöwenden taýýarlanýan işdäaçarlar, gaplanan önümler, şeker tozly patrakdyr mekgejöwen taýajyklary, gaýnan mekge uly-kiçiniň halaýan tagamlarydyr.

Mekgejöwen adamyň saglygy üçin hem örän peýdalydyr. Tagamyň nähili görnüşde taýýarlanandygyna garamazdan, mekgejöweniň düzümindäki peýdaly witaminlerdir mineral serişdeleriň, ýokumly maddalaryň aýrylmaýandygy bellärliklidir. Mekgejöwen witaminlere örän baýdyr, onuň düzüminde adamyň saglygyna oňat täsir edýän 26 sany himiki element bardyr. Onuň dänelerinde В witaminler toplumyndan B1, B2, B3, B6; A, С, D, Е, К, PP, ýagynda bolsa F witamini bar. Mineral serişdelerden kaliý, kalsiý, fosfor, demir hem-de magniý, mikroelementlerden bolsa nikel hem-de mis bolup, ol däneli ekinleriň arasynda iň peýdaly ösümlikleriň biridir.

Taýýarlan Gurbanberdi GURBANBERDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.