Şirwan perdeden ýaňlanan aýdymlar

15 Mart 2021
1058

Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň guramaklarynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli «Garaşsyzlyk bagtyň dünýä ýaň edip, ol şirwan perdäňe galsana, bagşy» ady bilen geçirilen baýramçylyk konserti uly ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslendi.

Çäräniň dowamynda welaýatymyzyň meşhur bagşy-sazandalarynyň, sungat ussatlarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüşlere beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny, eziz Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ägirt uly işleri, dost-doganlygy wasp edip ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary tomaşaçylaryň göwün guşuny ganatlandyryp, olara ruhy lezzet paýlady. Welaýat merkeziniň hem-de etrap-şäherleriň çagalar toparlarynyň milli saz gurallarynda ýerine ýetiren aýdym-sazlary hem baý mazmunly bolup, tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Gülnabat ANNATAGANOWA.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».