Oýan, bahar geldi! (Oýlanma)

10 Mart 2021
777

Säher bilen paý-pyýada ýöräp barýaryn. Gök otlar gögerendigini, miweli baglar gülländiklerini hoşboý ysy bilen «habar» berdiler. Suratkeş bolaýsaň, gitseň ýaşyl bürenen düzlere. Kagyz ýüzüne geçiräýseň bu ata Watanyň tebigatynyň ajaýyplyklaryny. Hä diýmän Nowruz baýramçylygy geler. Semeni gaýnadýan gyz-gelinleriň gazany bulap durkalar aýdýan ýagşy dilegleri, olara özüniň «edermendiklerini» odun owradyp subut etjek bolýan ýigitleriň hereketleri, düzlerde peýwagtyna otlap ýören goýunlary, çarpaýa galyp kişňeýän bedewleriň sesleri, mülküne nätanşyň gelendigini «wowf-wowfy» bilen habar berýän türkmeniň alabaýlary... bularyň hemmesi bu topraga baharyň gelendigini buşlaýar.

Goňşymyzyň howlusyna bäş-alty bolup üýşen zenanlar ber-başagaý bolup semeni gaýnadýardylar. Agamyň: «Gelnejeň gelsin öýe!» diýen hökümli sözlerini «eýesine» ýetirmek üçin olaryň ýanyna bardym. Edep bilen salam berdim. Hemişe çagalary özüniň haýbaty bilen «ürküzip» ýören Sona daýza salamym-a aldy welin, yzyny bolsa maňamy, ýa töweregindäki oýnap ýören çagalaramy, anyk bilemok — kinaýaly sözlerini diýmäge başlady:

Begenç ANNAÝEW,
Gubadag etrabynyň ýaşaýjysy.