Zenanlar dünýäni dolandyrýarlar...

10 Mart 2021
812

Ene! Bu üç harpdan ybarat ýönekeýje sözüň aňyrsynda umman ýaly çuň, bahar meýlisinde seýrana çykylýan, gülli-gülälekli türkmen sährasy ýaly giň many ýatyr. Eneler hakynda gürrüň gozgalanda tutuş düýrmegiň bilen mähre gaplananyňy özüň hem duýman galýarsyň. Eneleriň näderejede mukaddesdigini aýtmaga, hatda sözler hem ejizlik edýär. Megerem, ene mukaddesligini diňe Watan mukaddesligi bilen deňeşdirmek mümkin. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitaby okanyňdan soň, has hem aýdyň göz ýetirýärsiň.

Türkmeniň millet hökmünde kemala gelmeginde türkmen zenanynyň aýratyn orny bar. Perzent dünýä inenden başlap, ene hüwdüsi, ene söýgüsi, ene mähri bilen terbiýelenýär. Çaga enäniň dünýägaraýşyndan — dünýägaraýyş, häsiýetinden — häsiýet, zehininden — zehin alyp kemala gelýär. Durmuş hakykatynda şol çaga ýetişeninden soň hem, jemgyýet bilen aragatnaşygyny öz enesiniň beren hazynasyny — häsiýetini, edep-terbiýesini ösdüren ýagdaýynda kämil dowam edip bilýär. Ene bilen atanyň terbiýesini çaganyň kalbynda maşgala mukaddesligine, adamzat gatnaşyklaryna bolan hormat ynsanperwerligiň, bagtyýar ýaşaýşyň, belent adamkärçiligiň akabasy hökmünde bütin ömür dowam edýär. Kämil terbiýäniň güzerinden «suw içen» her bir adam, şol «güzeri» hiç wagt unutmaýar. Şonuň üçin hem, ene ýaşaýşyň sütüni, adamzady dowamatlaşdyrýan mukaddes ynsan hökmünde ähli döwürlerde-de uly sarpa eýedir. Halkymyzyň enä goýýan hormaty hut enäniň özünden gaýdýar. Sebäbi enäniň çagasyna eden yhlasy, onuň özüne bolan hormat-sylagy hökmünde perzendiniň kalbynda kemala gelýär. Şonuň netijesinde hem, zenana bolan hormat-sylag her bir adamyň durmuşynda ilkinji orunda durýar.

Sülgün BAZAROWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby, «Esger».