Ýurdumyzda jemgyýetimiziň esasy hereketlendiriji güýji we röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň ilkinji günlerinde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we ony ýerine ýetirmek boýunça degişli Meýilnamanyň kabul edilmegi hem aýdyňlygy bilen görkezýär. Bu resminamalar ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesiller hakyndaky aladanyň döwletiň üns merkezinde durýandygyny, onuň barha rowaçlanýandygyny we pugtalanýandygyny äşgär edýär.
Mälim bolşy ýaly, kabul edilen täze resminamalar berkarar türkmen jemgyýetiniň bagtyýar nesillerini ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleriniň esasynda milli ruhda terbiýelemegi dowam etdirmäge ýardam berer. Ol ylymly-bilimli we giň dünýägaraýyşly, zähmete ukyply, sagdyn bedenli, belent ruhly ýaşlary ösdürip ýetişdirmegiň hukuk üpjünçiligini kepillendirmek bilen bir hatarda, türkmen ýaşlarynyň geljekki ykbaly üçin ýokary ähmiýete eýedir. Maksatnama Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Bilim hakynda» we «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy. Munuň özi resminamanyň hukuk binýadynyň pugtadygyny we ony ýerine ýetirmekde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelerde anyk esaslaryň goýlandygyny görkezýär.