«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda ýurdumyzda ylmy esasda alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmegi we ony sanlylaşdyrmagy amala aşyrmak boýunça giňişleýin işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň her ýyl birinji synpa okuwa barýan çagalara kompýuter sowgat bermegi hem, çagalaryň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanyp bilmegi üçin esas bolup durýar.
Bilimde sanly tehnologiýalar olara esaslanýan häzirki zaman bilim gurşawyny döretmegiň usulydyr. Sanly tehnologiýalar ägirt uly tizlik bilen kämilleşýärler. Tejribeleriň görkezişi ýaly, döwrebap mekdebi maglumat tehnologiýalaryndan üzňe göz öňüne getirmek kyn. Şonuň üçin hem birinji synpdan başlap, çagalara bilim almak üçin iş guraly hökmünde sanly tehnologiýalary ulanmagy öwretmeli. Bu işde başlangyç synp mugallymlarynyň esasy wezipesi okamagy, ýazmagy, hasaplamagy öwretmek bilen bir hatarda, okuwçylaryň öwrenmäge we döredijilige gyzyklanmasyny kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar. Bu wezipäni ýerine ýetirmek üçin okuw işinde maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmaly bolýar. Sapakda we sapakdan daşary işlerde multimediýa serişdelerini, wideo-prezentasiýalary, ýörite öwrediji maksatnamalary ulanmak, okuwçylary bäsleşiklere gatnaşdyrmak okuw işini janlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, okuwçynyň okuwa bolan höwesini has-da ýokarlandyrýar.