Täze üstünliklere ruhlandyrýar

10 Fewral 2021
1403

Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň dünýä medeniýetiniň altyn hazynasynda mynasyp orun alan ajaýyp eserleri bizi — ýaş nesilleri watansöýüjilige, ahlakly, ynsaply bolmaga, bilimden ýetdik paýymyzy almaga çagyrýan ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär.

Milli Liderimiziň ýiti zehininden dörän eserleri biz — ýaşlary ylym-bilime höweslendirýär. Meniň hem ylmy-taslama işim hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitabynyň birinji jildinde beýan edilen ajyýowşandan sabyn ýasamak hakynda boldy. Şol işim bilen hem «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäginde geçirilen ylmy-taslama döredijilik bäsleşiginiň biologiýa dersi boýunça döwlet tapgyrynda üçünji orna mynasyp boldum. Bu üstünligim meni has-da ruhlandyrdy. Geljekde hem Gahryman Arkadagymyzyň ynsan saglygyny goramakda taýsyz gymmatlyk bolup durýan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitaby esasynda tebigatymyzyň ot-çöpleriniň dermanlyk häsiýetlerini öwrenip, ýaşlara bildirilýän ynamy ödemäge çalşarys.

Dilara HUDAÝBERDIÝEWA,
Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika okuw dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.