Ylymly ýaşlar geljegi gurýar

10 Fewral 2021
1569

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, sagdyn, dörediji we zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Muňa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda durmuşa geçirilýän işler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu babatda milli Liderimiziň degişli Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny görkezmek bolar.

Türkmenistan ýaşlary hemmetaraplaýyn goldaýan, olaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün edýän döwlet. Ýurdumyzda bu ugurdaky işler 2013-nji ýylyň awgustynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda kadalaşdyrylýar. Bar bolan şeýle kanunçylyk namalaryň esasynda ýaşlarymyz döwrebap şertlerde ylym-bilim alýarlar, kämil şahsyýetler bolup ýetişýärler. Munuň özi bilimli türkmen ýaşlarynyň zähmet bazarynda özleriniň mynasyp orunlaryny tapmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.

Şemşat KIÇIGULOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.