Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň terbiýeçilik düzüminiň serkerdeleri bilen eýýäm bu ulgamda däbe öwrülen okuw maslahaty geçirildi. Onuň esasy maksady goşunlarda terbiýeçilik işiniň, harby düzgün-nyzamyň ýagdaýyny pugtalandyrmakdan, harby psihologlaryň bilim we hünär taýýarlyklaryny has-da kämilleşdirmekden, psihologik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Ýygnanyşygyň dowamynda geçen ýylda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinde meýilnama esasynda ýerine ýetirilen işlere-de seljerme berildi.
Eziz Watanymyzyň harby howpsuzlygyny üpjün etmekde terbiýeçilik işiniň öňünde durýan wezipeleri we maksatlary nukdaýnazary bilen geçirilen ýygnanyşyk döwlet syýasatyny wagyz-nesihat etmek, şahsy düzümi harby-watançylyk ruhunda terbiýelemek we harby düzgün-nyzamy pugtalandyrmak çygrynda dowam etdi. Okuw ýygnanyşygy ýörite meýilnama esasynda alnyp barlyp, olara harby bölümleriň terbiýeçi serkerdeleri we harby psihologlar işjeň gatnaşdylar. Şeýle çäreler olaryň biri-biri bilen tejribe alyşmaklaryna, iş tejribeleriniň has-da baýlaşmagyna oňyn şert döredýär. Ýygny guraýjylar özleriniň usulyýet maslahatlaryny psihologlar we terbiýeçiler bilen paýlaşdylar.