Arkadaga alkyş — kalplarda sena

8 Fewral 2021
1371

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň uly üstünliklere beslenjek ýene bir ýylynyň — 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreler şu günler ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda giň gerime eýe bolýar. Şeýle çäreleriň biri TDP-niň Balkanabat şäher komitetiniň guramagynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilip, ol «Bagtyýar halkymyz Siziň bilendir, eziz Arkadagymyz!» diýlip atlandyryldy.

Partiýanyň şäher komitetiniň hem-de welaýat merkezindäki edara-kärhanalaryň ilkinji partiýa guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen söhbetdeşlikde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylda edilen işlere seljerme berildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän 2021-nji ýylda amala aşyrylmaly wezipeler çäredäki çykyşlarda esasy orny eýeläp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda durmuşa geçirilmeli işleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň dekabrynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda beren tabşyryklary, maslahatlary, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly dabaralara beslemek, Diýarymyzda gazanylýan ösüşleri halkyň arasynda wagyz etmek şol meýilnamanyň özenini düzýär.

Aşyr BEDRDIÝEW.
Surata düşüren Waleriý KISELÝOW.