Parahatçylyk we ynanyşmak — bagtyýar durmuşyň binýady

5 Fewral 2021
1515

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan işler oňyn netijelerini berýär. Munuň şeýledigine 2020-nji ýylda halkymyzyň abadan, bolelin durmuşyny nazarda tutýan beýik işleriň amal edilmegi hem şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň bina edilmegi, täze-täze iş orunlaryny döredýän, şeýle-de halkymyzyň döwrebap ýaşamagyna, zähmet çekmegine gönükdirilýän kärhanalaryň işiniň ýola goýulmagy, kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw berilmegi raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak ugrundaky işleriň aýdyň subutnamasydyr. Bu zatlaryň ählisi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesiniň özenini düzýär. Gahryman Arkadagymyz parahatçylygyň, dost-doganlyk ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde dabaralanmagyny gazanmakda ajaýyp işleri durmuşa geçirýär.

Geçen ýyl BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly kabul edilen Kararnama ýurdumyzyň belent halkara abraýyny görkezse, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 47-nji mejlisinde «Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitinde we tutuş dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda hem-de pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bitaraplyk syýasatymyzyň dünýä ýüzünde ykrar edilmeginiň aýdyň mysaly bolup dabaralandy. Ählumumy parahatçylygy ýola goýmakda, goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna ýardam bermekde ýurdumyzyň dünýä nusgalyk işleri bellenilmäge mynasypdyr. Bu işle-

Tahyr ÖWEZOW,
TDP-niň Serdar şäher komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.