Döwletimiziň hukuk binýady

29 Ýanwar 2021
1100

2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň durmuşynda aýratyn möhüm waka bolup geçdi – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berildi. Ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek babatda täze başlangyçlar öňe sürüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biziň amala aşyrýan özgertmelerimiziň baş maksady jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adama, onuň bähbitlerine hyzmat etjek häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň işini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Şeýle hem kanun çykaryjylyk işini amala aşyrýan edaralaryň iki palataly gurluşyny döretmek, demokratik institutlaryň işini has ýokary derejelere çykarmakdyr» diýip, belläp geçdi. Munuň özi döwletimizde her bir raýatyň hak-hukuklarynyň kanun esasynda goralýandygyny aýdyň alamatlandyrdy.

Aýjemal GELDIBAÝEWA,
welaýat kazyýetiniň iş dolandyryş bölüminiň kazyýet kätibi.