Nä­me üçin al­ma­ly zat­la­ry­myz ýat­dan çyk­ýar?

16 Awgust 2024
130

Öý­den çyk­man­kak sa­tyn al­mak is­le­ýän zat­la­ry­my­zyň sa­na­wy­ny taý­ýar­la­mak ba­zar­da­ky işi­mi­zi has aň­sat­laş­dyr­ýar. Kä­te gys­sa­nyp, sa­naw ýaz­maz­dan ýa-da ýa­zan sa­na­wy­my­zy ýat­dan çy­ka­ryp gaýt­sak, nä­me­le­ri al­ma­ly­dy­gy­myz ba­ra­da köp pi­kir­len­ýä­ris. Öý­den gaýt­man­kak ge­rek zat­la­ryň äh­li­si­ni bil­ýän hem bol­sak, söw­da edip baş­la­ny­myz­da kö­pü­si ýa­dy­my­za düş­me­ýär. Şeý­le­lik­de, öýe ge­le­ni­miz­de «wiý» di­ýe­ni­mi­zi duý­man gal­ýa­rys. Eý­sem, bu ýag­daý nä­me bi­len bag­ly­ka?!

Ýat­keş­lik. Al­ma­ly zat­la­ryň esa­sy­la­ry­nyň ady­nyň ýat­da sak­la­nyp, beý­le­ki­le­ri­niň ýat­dan çyk­ma­gy, il­ki bi­len, ýa­dyň iş­jeň­li­gi bi­len bag­ly­dyr. Kä­bir adam bir­nä­çe za­dy ýa­dyn­da sak­lap bil­ýän bol­sa, kä­bir adam bir-iki zat­dan ar­tyk­ma­jy­ny ýa­dy­na dü­şü­rip bil­me­ýär. Göz äh­li za­dy gör­ýär, em­ma gö­rüş duý­gu­sy için­den iň ge­rek­li­le­ri­ni beý­nä ýe­tir­ýär. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, gö­ren zat­la­ry­myz gys­ga möh­let­li (wagt­la­ýyn) ýa­da geç­ýär. Adat­ça köp adam bir ge­zek­de di­ňe 7 sa­ny za­dy ýat­da sak­lap bil­ýär. Şol se­bäp­li ho­ja­lyk üçin ze­rur bo­lan se­riş­de­le­riň sa­na­wy­ny düz­mek äh­li adam üçin iň go­wy çy­kal­ga­dyr.