Dubaýyň Hökümetiniň Adam gorlaryny dolandyrmak boýunça departamenti dört günlük iş hepdesini girizmek boýunça synaglara 15 sany döwlet edarasyny saýlap aldy. Şeýle hem bu edaralaryň işgärleriniň iş gününiň dowamlylygyny ýedi sagada çenli azaltmak göz öňünde tutulýar. Bu barada Emirligiň Hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.
12-nji awgustda girizilen synag 30-njy sentýabra çenli dowam eder. Bu döwürde synag taslamasyna gatnaşýan edaralaryň işgärlerine doly aýlyk tölener. «Biziň çeýe tomsumyz» diýip atlandyrylan Hökümetiň başlangyjy diňe döwlet işgärlerine degişli bolup, bu synaga hususy pudagyň kompaniýalary gatnaşmaýar.