Dün­ýä­niň iň gym­mat iý­mit­le­ri

9 Awgust 2024
84

Iý­mit adam­zat ýa­şaý­şy üçin esa­sy se­riş­de bo­lup, gök-bakjadyr azyk önüm­le­ri­niň köp gör­nü­şi äh­li ýer­de di­ýen ýa­ly duş gel­ýär. Iý­mit önümleriniň kä­bir gör­nüş­i bol­sa, bel­li bir se­bit­de ön­dü­ril­me­gi bi­len ta­pa­wut­la­nyp, dün­ýä­niň iň gym­mat ta­gam­la­ry­nyň sa­na­wy­ny eme­le ge­tir­ýär. Seý­rek duş gel­ýän iý­mit­le­re is­leg ýo­kar­lan­dy­gy­ça, ba­ha­sy hem art­ýar. Ge­liň, seý­rek duş gel­ýän, üýt­ge­şik ta­ga­my bi­len köp­çü­li­giň ün­sü­ni özü­ne çek­ýän dün­ýä­niň iň gym­mat iý­mit­le­ri bi­len ta­nyş bo­la­lyň!

Wag­ýu eti. Dün­ýä­de iň gym­mat mal eti ha­sap­lan­ýan wag­ýu­nyň meş­hur­ly­gy 2000-nji ýyl­lar­dan soň has-da art­dy. Uly is­leg bil­di­ril­ýän wag­ýu eti di­ňe Ýa­po­ni­ýa­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän iri şah­ly mal­la­ryň ýö­ri­te to­hu­myn­dan alyn­ýar. «Ag­zyň­da eräp gid­ýär» di­ýil­ýän wag­ýu eti diý­seň ta­gam­ly bo­lup, dü­zü­min­de köp muk­dar­da ýag bar. Mal ýö­ri­te usul­lar bi­len soý­lup, ýa­gyr­ny­sy­nyň baş­lan­ýan ýe­rin­den – ga­pyr­ga süň­kü­niň oňur­ga bi­rig­ýän ýe­rin­den alyn­ýar. Mu­ňa baş­ga­ça, «ko­te de boeuf» (ga­pyr­ga bif­te­gi) hem di­ýil­ýär.