«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024
Berkarar döwletimizde ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary bilen birlikde sporty hemra edinip, Watanymyzyň sport abraýynyň galkynmagyna mynasyp goşant goşmaklary bagtyýarlykdan nyşandyr. Şeýle hem bu ugurda ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikler olaryň ussat we kämil başarnykly türgenler bolup ýetişmeklerine giň şertleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň öňlerinde goýan jogapkärli wezipelerinden ugur alyp, şeýle hem ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek, sagdyn nesilleriň kemala gelmegini gazanmak we olaryň başarnyklaryny kämilleşdirmek, ýaşlaryň arasynda dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen, biz hem dürli mazmunly sport çäreleriniň, ýaryşlaryň geçirilmegine işjeň gatnaşýarys. Golaýda Dänew etrabyndaky 2-nji sport mekdebinde sportuň kikboksing görnüşi boýunça guralan ýaryşlar hem tomus dynç alşyny şadyýanlykda geçirýän ýaşlar üçin hakyky sport baýramçylygyna öwrüldi.