Sport ýur­dun­dan sport baý­ra­my­na

28 Iýul 2024
173

«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024

Olim­pia­da­la­ryň çem­pi­on­la­ry he­mi­şe hä­zir­ki za­man­da ýa­şa­ýar­lar. 100 ýyl mun­dan ozal ge­çi­ri­len Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň çem­pio­ny ha­kyn­da gür­rüň edi­len­de hem onuň ady ge­çen za­man­da ula­nyl­ma­ýar. Ola­ryň at­la­ry­nyň öňü­ne «ozal­ky» di­ýen söz go­şul­man, «Olim­pi­ýa çem­pio­ny» di­ýip aý­dyl­ýar. El­my­da­ma hä­zir­ki za­man­da ýa­şa­mak diý­mek ba­ky­ly­ga gol bu­la­mak däl­mi? El­bet­de, şeý­le. Hut şo­nuň üçin hem Olim­pia­da­lar he­mi­şe adam­za­dyň dur­mu­şyn­da uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup­dyr. Şol äh­mi­ýet­li wa­ka hök­mün­de ga­ral­ýan Olim­pi­ýa oýun­la­ry bol­sa 1896-njy ýyl­dan bä­ri her dört ýyl­dan bir ge­zek ge­çi­ri­lip ge­lin­ýär. Pla­ne­ta­nyň sport baý­ra­my­ny ta­ryh­da 3-nji ge­zek ka­bul et­mek hä­zir­ki za­ma­nyň Olim­pia­da­la­ry­ny gaý­ta­dan di­kel­den Pýer de Ku­ber­te­niň Wa­ta­ny Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty­nyň pa­ýy­na düş­di. Fran­si­ýa­nyň il­kin­ji ge­zek Olim­pi­ýa oýun­la­ry­ny 1924-nji ýyl­da ka­bul eden­di­gi­ni ha­sa­ba al­saň, on­da bu ge­zek­ki oýun­lar şol wa­ka­nyň bir asyr­lyk şan­ly se­ne­si bi­len da­ba­ra­lan­ýar.

Hojaberdi APBAÝEW,
Pa­riž şä­he­rin­den.