137-nji «WIMBLEDON»

19 Iýul 2024
157

Alkaras ýene -de Jokowiçi ýeňlişe sezewar etdi Tennis boýunça möwsümiň 3-nji «Uly tuwalga » ýaryşy tamamlanyp, erkekleriň arasynda çempion üýtgemedi. Zenanlarda- da çempionyň ady üýtgese- de, ýurdy üýtgemedi. 137-nji gezek (zenanlaryň arasynda 130-njy) geçirilen dünýäniň iň gadymy tennis ýaryşynda baýrak gaznasy bu ýyl üçin 50 million funt sterling diýlip kesgitlenipdi. Ýeňijileriň hersine aýratynlykda 2,7 million funt sterling pul baýragy berildi. Finalçylara 1,4 million funt sterling gowşuryldy. Londondaky merkezi kortda geçirilen finalda ispaniýaly Karlos Alkaras çempionlygyny goramagy başardy. Ol geçen ýylyň gaýtalanan finalynda ýene- de serbiýaly Nowak Jokowiçi ýeňlişe sezewar etdi. Bu gezek 3 setde güýçli garşydaşyny ýeňen Alkarasa 1-nji we 2-nji setlerde ýeňiş gazanmak kyn düşmedi. 6:2 hasaplar bilen ýeňiş gazanan Alkarasa 3-nji setde üstün çykmak ýeňil düşmedi. Ol 10-njy oýunda iň soňky utugy ençeme synanyşykda alyp bilmän, netijede set 6:6 boldy we taý-brekde 7:4 üstün çykyp, seti 7:6 öňde tamamlady. Şeýlelikde, 3:0 hasabynda ýeňiş gazanan Alkaras bassyr 2-nji gezek «Wimbledon »-da ýeňiji boldy. Ol geçen ýyl hem Jokowiçi 5 setde 3:2 hasabynda utupdy. Bu çempionlyk Alkarasyň «Uly tuwalgalardaky » 4-nji çempionlygydyr. Ol 35 gün öň «Fransiýa Açykda », 2022-nji ýylda- da «Amerika Açykda » çempionlyk gazanypdy. 21 ýaşyndaky Alkaras «Fransiýa Açykdan » soň «Wimbledony » gazanan iň ýaş tennisçi, umumylykda- da 6-njy tennisçi hökmünde hasaba alyndy. Bu onuň karýerasyndaky 15-nji ATP çempionlygydyr. 25-nji «Uly tu walga » 2-nji gezek nesip etmedi «Wimbledon »-da Jokowiçe 25-nji «Uly tuwalga » kubogyny gazanmak miýesser etmedi. Serbiýaly tennisçi «Uly tuwalgalardaky » 37-nji finalynda 13-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Şeýle- de, ol «Wimbledonda »-da 10-njy gezek finalda oýnap, 3-nji sapar utuldy. Bu ýaryşda 7 çempionlygy bolan Nowak Jokowiç rekordy Rojer Federer bilen paýlaşyp, ol bu derejäni öz adyna geçirmek mümkinçiliginden bassyr 2-nji gezek peýdalanyp bilmedi. Çempion üýtgese -de , ýurdy üýtgemedi Zenanlaryň arasynda bolsa çehiýaly Barbora Kreýçikowa ýeňiji boldy. Ol 1 sagat 56 minutlap dowam eden finalda italiýaly Jasmin Paolinini 3 setde ýeňmegi başardy. 1-nji setde 28 ýaşyndaky Kreýçikowa 6:2 hasabynda ýeňiş gazandy. 2-nji set hem şol hasap bilen, ýöne Jasmin Paolininiň peýdasyna tamamlandy we hasap deňlendi. Çekeleşikli geçen 3-nji setde Kreýçikowa 6:4 hasabynda ýeňiş gazanyp, çempionlygyny baýram etdi. Bu onuň «Uly tuwalgalardaky » 2-nji çempionlygy bolup, ol 2021-nji ýylda «Fransiýa Açykda » çempionlyk gazanypdy. Umumylykda bu onuň karýerasyndaky 8-nji WTA çempionlygydyr. «Wimbledon »- da zenanlaryň arasynda çempionyň ady üýtgese- de, ýurdy üýtgemedi. Geçen ýyl başga bir çehiýaly tennisçi – Marketa Wondrouşowa çempion bolupdy. «Wimbledon »-da zenanlaryň arasynda finala çykan ilkinji italiýaly tennisçi Paolini 35 günde tamamlanan «Fransiýa Açykda »-da 2-nji ýeri eýeläpdi. 28 ýaşyndaky tennisçiniň 2 WTA çempionlygy bar. Ol bu ýaryşdan soň 7-nji orundan 5-nji ýere beýgeldi.