«Arkadag» futbol toparynyň ýaşajyk türgenleri

17 Iýul 2024
188

«Arkadag» futbol toparynyň kiçi ýaşlylar topary 2023-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri hereket edýär. Topar 2011-2012, 2013-2014, 2015 — 2017-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň we ýaşlaryň ýaş derejeleri boýunça 3 topara bölünýär. Ol toparlary birinji derejeli sport türgeni Toýly Halmyradow, AFK tarapyndan tassyklanan «C» derejeli tälimçiler Mergen Baýramow we Myratberdi Berdiýew dagy türgenleşdirýär.

Türgenleşikler Arkadag şäherindäki 10 müň orunlyk stadionda hepdäniň ýekşenbe gününden beýleki ähli günlerinde geçirilýär. Tälimçi Mergen Baýramowyň bellemegine görä, häzirki wagta çenli ýetginjekler we çagalar topary 50-den gowrak ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdiler. Duşuşyklarda «Arkadag» futbol toparynyň ýaş zehinleri özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezip, guwandyryjy netijeleri gazandylar. Tälimçi Mergen Baýramow toparyň ýaş futbolçylarynyň içinde türkmen sportunyň abraýyny mynasyp gorajak, halkara derejede çykyş etjek zehinleriň bardygyny buýsanç bilen belleýär.

Serdar ATAÝEW.
«Arkadag».