Pi sa­nyn­da tä­ze re­kord

12 Iýul 2024
170

Mä­lim bol­şy ýa­ly, is­len­dik tö­we­re­gi onuň dia­met­ri­ne bö­le­niň­de, ne­ti­je­si 3,14 çyk­ýar. As­lyn­da, bu san tü­ke­nik­siz ýag­daý­da uzap gid­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, ma­te­ma­tik­ler we in­že­ner­ler her ýyl­da ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­dan peý­da­la­nyp, Pi sa­ny­nyň has ta­kyk ba­ha­sy­ny tap­ýar­lar. Şeý­le­lik­de, üç­den soň gel­ýän otu­ryň yzy­na ýe­ne-de müň­ler­çe san go­şul­ýar. «Sto­ra­ge­Review» la­bo­ra­to­ri­ýa­sy­nyň in­že­ner­le­ri 202 tril­li­on 112 mil­liard 290 mil­li­on bas­gan­ça­gy­ny ha­sap­la­dy­lar. Şeý­le­lik­de, in­že­ner­ler to­pa­ry şu ýy­lyň 14-nji mar­tyn­da, ýag­ny hal­ka­ra Pi gü­nün­de ha­sa­ba al­nan öz­le­ri­ne de­giş­li 105 tril­li­on bas­gan­çak­ly re­kor­dy tä­ze­le­di­ler.

Bu sa­ny ha­sap­la­mak üçin örän ýo­ka­ry komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­sy ula­nyl­ýar. In­že­ner­ler to­pa­ry 85 gün­läp yzy­gi­der­li iş­le­ýän al­go­rit­m­den peý­da­lan­dy­lar. Ha­sap­la­ma je­mi 1,5 pe­ta­baýt­lyk ýer al­dy.