Ýaşyl ýaýlanyň ýaraşygy

3 Iýul 2024
742

Gözýetmez giňişliklere uzalyp gidýän Garaguma bezeg berip, janly-jandarlara iýmit, ynsana melhemlik ösümlikleriň biri-de sözendir. Tellerini adaja öwüsýän şemala ykjadyp, sülmüräp oturan bu gyrymsy agaçlar sahawatly sähralarymyza ýaraşyk berýärler.

Kösükliler maşgalasyna degişli bolan bu ösümlikler süýşýän, ürgün çägeli ýerlerde ösmäge uýgunlaşandyrlar. Munuň üçin boýy 2 metrden gowrak bolýan bu agaçlar töwerekligine bir metre, dikligine bolsa 30 metrden hem gowrak çuňluga uzaýan kuwwatly köklerine daýanýarlar. Şeýle häsiýetli aýratynlyklary sebäpli sözenler çägäniň süýşmek howpunyň öňüni almakda möhüm hyzmaty ýerine ýetirýärler. Olaryň ýapraklary towşanlardan başlap, ownuk mallar we düýeler üçin iýmit çeşmesi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda sözeniň şahalarynyň, ýapraklarynyň we tohumlarynyň dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýändigi, onuň tohumynyň bolsa halk lukmançylygynda böwrek kesellerini bejermekde ulanylýandygy bellenilýär.

Kuwandyk SAIDOW,
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.