Kämil kanunçylyk ― ösüşleriň binýady

3 Iýul 2024
274

Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, medeni, hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagynda, adam hukuklarynyň hemmetaraplaýyn goralmagynda we berjaý edilmeginde, durmuş-ykdysady, hukuk özgertmeleriniň amala aşyrylmagynda Konstitusiýa möhüm orny eýeleýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgelerine we kadalaryna pugta eýerilip, biziň döwletimizde syýasy, ykdysady, medeni, ylym, bilim babatyndaky ösüşlerimiziň bitewi ulgamyny öz içine alýan özgertmeler amala aşyrylýar, kanunlar kabul edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän, döwletimizi we jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrundaky alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasyny düzýän «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä berk eýerilýär. Netijede ýurdumyzyň ykdysady, durmuş-medeni ösüşini dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan derejelere çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler amala aşyrylýar. Ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, saglyk merkezlerini, önümçilik we durmuş maksatly iri kärhanalary, häzirkizaman ulag, aragatnaşyk ulgamyny öz içine alýan döwrebap etraplar, şäherlerdir obalar döredilýär.

Gülşat UMAROWA,
Çärjew etrap döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.