Ynam we yhlas — üstünlikleriň gözbaşy

2 gün öň
74

Beýik işleri durmuşa geçirýän şahsyýetleriň ady we mertebesi hem amala aşyrýan işleri ýaly ägirt bolýar. Ümmülmez älem giňişligindäki «Arkadag» ýyldyzy bilen bagly hoş habaryň ýürekleri ýagtyldýan günlerinde hut şol giňişlikden Russiýanyň hem Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Dmitriýewiç Kononenko hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözlerini ýollady. Kosmonawt watandaşymyz öz ýazgylarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Milli Liderimize doglan güni mynasybetli iberen gutlaglary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär, şeýle-de Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny beýan edýär. Ol Türkmenistanyň at-abraýyny ýokarlandyrmakda we kosmos ugrunda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmekde mundan beýläk-de uly tagallalary etmäge taýýardygyny mälim edýär. O.Kononenko pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, döwlet hem-de syýasy işlerinde uly üstünlikleri arzuwlaýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 21-nji iýunynda 60 ýaşyny bellän kosmonawt şondan 15 gün ozal — 5-nji iýunda älem giňişliginde 1000 günläp bolan ilkinji adam hökmünde taryha girdi. Kosmonawtyň her bir üstünliginde, her bir ýakymly gününde ony ilkinjileriň hatarynda Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz gutlaýarlar. Nirede ýaşaýandygyna we işleýändigine garamazdan, Watana şan getiren ildeşlerimizi sarpalamagyň belent nusgasyny görkezýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ýürekdeşligi, elbetde, kosmonawtyň göwün guşuny göge göterýär.

«TÜRKMENISTAN»
Beýleki habarlar