Na­ço hem-de Ho­se­lu «Re­al Mad­rid­den» git­di

2 gün öň
16

«Re­al Mad­rid» to­pa­ry­nyň ge­çen möw­süm­dä­ki çem­pi­on­lyk­la­ry­na uly go­şant go­şan 2 oýun­çy – ka­pi­tan Na­ço Fer­nan­des bi­len hü­jüm­çi Ho­se­lu arap klub­la­ry­nyň dü­zü­mi­ne go­şul­dy. Mad­rid­dä­ki 23 ýyl­lyk baş­dan­ge­çir­me­si­ni ta­mam­lan 34 ýa­şyn­da­ky Na­ço 2-nji li­ga­dan Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň ýo­ka­ry li­ga­sy­na do­la­nan «Al-Kad­sia» to­pa­ry bi­len 2 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. Na­ço «Re­al Mad­rid­de» pro­fes­sio­nal kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça 6-sy Çem­pi­on­lar Li­ga­sy bo­lan je­mi 26 ku­bok ga­zan­dy. Na­ço soň­ky 4 ýyl­da «Re­al Mad­ri­di» terk eden to­pa­ryň 4-nji ka­pi­ta­ny bol­dy. 2021-nji ýyl­da Ser­hio Ra­mos, 2022-nji ýyl­da Mar­se­lo hem-de 2023-nji ýyl­da Ka­rim Ben­ze­ma «Re­al Mad­rid­dä­ki» kar­ýe­ra­la­ry­ny ta­mam­lap­dy­lar.

Ge­çen möw­sü­mi «Re­al Mad­rid­de» kä­ren­de­si­ne ge­çi­ren Ho­se­lu Ka­ta­ryň «Al-Ga­ra­fa» to­pa­ry­na trans­fer bol­dy. Ol ka­tar­ly­lar bi­len 2+1 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. Ge­çen möw­süm­de «Re­al­da» 49 oýun­da 17 gol ge­çi­ren Ho­se­lu­ny mad­rid­li­ler «Es­pan­ýol­dan» 1,5 mil­li­on ýew­ro be­rip, ymyk­ly trans­fer eden gü­nü­niň er­ti­ri arap klu­bu­na ug­rat­dy.

Beýleki habarlar