Ba­li ada­sy – te­bi­gy gö­zel­lik­le­riň me­ka­ny

2 gün öň
14

Ýaş ça­tyn­ja­lar­dan we sy­ýa­hat­çy­lar­dan «Dynç al­mak üçin iň meş­hur ýer ni­re?» – diý­lip so­ra­lan­da: «El­bet­de, Ba­li ada­sy» di­ýip jo­gap ber­ýär­ler. Te­bi­gy gö­zel­lik­le­riň me­ka­ny bo­lan Ba­li ada­sy In­do­ne­zi­ýa de­giş­li bo­lup, Ma­laý ar­hi­pe­la­gyn­da ýer­leş­ýär. Hin­di we Ýu­waş um­ma­ny bi­len ýu­wul­ýan bu ada­nyň tut­ýan meý­da­ny 5 müň 780 ine­dör­dül ki­lo­metr bo­lup, ady­bir we­la­ýa­tyň mer­ke­zin­de Den­pa­sar şä­he­ri bar. Ro­man­tik­le­riň ada­sy 1980-nji ýyl­lar­dan soň ýur­duň iň meş­hur sy­ýa­hat­çy­lyk mer­ke­zi­ne öw­rül­ýär. Ba­li ada­sy di­ňe bir owa­dan de­ňiz ke­nar­la­ry, gür to­kaý­lyk­la­ry, tä­sin haý­wa­nat dün­ýä­si bi­len ta­nal­man, eý­sem, mil­li we döw­re­bap tans­la­ry, heý­kel­ta­raş­lyk, su­rat­keş­lik sun­ga­ty, de­ri we me­tal iş­läp be­jer­mek hem-de ösen aý­dym-saz sun­ga­ty bi­len hem meş­hur­dyr. In­do­ne­zi­ýa­nyň hal­ka­ra film fes­ti­wa­ly hem her ýyl Ba­li­de ge­çi­ril­ýär.

Ba­li­niň de­mir­ga­zyk we gün­do­gar ke­nar­ýa­ka­syn­da­ky çä­ge­lik­ler ga­ra reňk­li bo­lup, wul­kan­la­ryň se­bi­te ýaý­ra­ma­gy bi­len eme­le ge­lip­dir. Ba­li ada­sy «Müň yba­dat­ha­na ada­sy», «Taň­ry ada­sy» diý­lip hem at­lan­dy­ryl­ýar. Se­bä­bi ek­zo­tik ada­da, tak­my­nan, 10 müň­den gow­rak yba­dat­ha­na bar. Şo­la­ryň ara­syn­da Lem­pu­ýang Lu­hur (Jen­ne­tiň der­we­ze­si) yba­dat­ha­na­sy iň meş­hu­ry bo­lup, bu yba­dat­ha­na soň­ky ýyl­lar­da sy­ýa­hat­çy­la­ryň iň ge­lim-gi­dim­li ýer­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di. As­lyn­da jem­gy­ýet­çi­lik me­di­ýa­da ma­ha­ba­ty ýe­ti­ril­ýän bu yba­dat­ha­na kö­lüň için­de ýer­leş­me­ýär. Kö­lüň için­dä­ki yba­dat­ha­na­nyň su­ra­ty ýö­ri­te taý­ýar­lan­ýar. Ba­li­dä­ki äh­li yba­dat­ha­na­da swas­ti­ka ny­şa­ny­ny gör­mek bol­ýar. Ny­şa­nyň ady sansk­rit di­lin­dä­ki «swas­ti­ka» sö­zün­den ge­lip çy­kyp, Ba­li­de «hoş­ni­ýet­li­lik, hoş­ni­ýet­li zat» di­ýen ma­ny­da ula­nyl­ýar.

Beýleki habarlar