«Ýu­wen­tus» 1 oýun­çy alyp, 2 oýun­çy ug­rat­dy

2 gün öň
14

Ita­li­ýa­nyň «Ýu­wen­tus» to­pa­ry «As­ton Wil­la­dan» bra­zi­li­ýa­ly 26 ýa­şyn­da­ky ýa­rym­go­rag­çy Dug­las Lui­zi 50 mil­li­on ýew­ro trans­fer et­di. Tu­rin­li­ler Lu­iz bi­len 5 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. «Ýu­wen­tus» klu­by Dug­las Lui­ziň trans­fe­ri­niň bir bö­le­gi­ni pul hök­mün­de ber­se, ga­lan bö­le­gi­ne de­rek 2 fut­bol­çy­sy­ny «As­ton Wil­la» to­pa­ry­na ug­rat­dy. Ital­ýan to­pa­ryn­dan ýa­rym­go­rag­çy­lar — ang­li­ýa­ly 20 ýaş­ly Sa­mu­el Aý­ling Ju­ni­or (14+3 mil­li­on ýew­ro) hem-de 23 ýa­şyn­da­ky ar­gen­ti­na­ly En­zo Bar­ren­çea (8+3 mil­li­on ýew­ro) «As­ton Wil­la» trans­fer bol­dy.

Şeý­le-de, «As­ton Wil­la» to­pa­ry «Çel­si­den» çep gy­ra­ky go­rag­çy Ian Ma­at­se­ni trans­fer et­di. «As­ton Wil­la» to­pa­ry bu trans­fer üçin lon­don­ly­la­ra 37,5 mil­li­on funt ster­ling (44,5 mil­li­on ýew­ro) tö­lär. Bir­min­gem­li­ler 22 ýa­şyn­da­ky oýun­çy bi­len 6 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. Ma­at­sen ge­çen möw­sü­miň 2-nji ýa­ry­my­ny «Bo­rus­si­ýa Dort­mund­da» kä­ren­de­si­ne ge­çi­rip, ol ne­mes klu­bun­da 23 du­şu­şyk oý­na­dy (3 gol).

Beýleki habarlar