Hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy üp­jün edil­ýär

2 gün öň
22

3-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Il­ki bi­len, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýew çy­kyş edip, şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­ri­niň öňün­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek, şol san­da Mil­li go­şu­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek hem-de onuň äh­li ky­sym­la­ry­nyň har­by gul­luk­çy­la­ry­nyň na­za­ry bi­lim­le­ri­ni, sö­weş­jeň us­sat­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, no­bat­da­ky har­by gul­lu­ga ça­gy­ry­şyň ne­ti­je­le­ri, Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly se­ne­si my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şe gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da aý­dyl­dy.

Beýleki habarlar