Dünýä söwda dolanyşygynda Türkmenistanyň orny

2 gün öň
34

Islendik döwletiň daşary söwda syýasaty onuň milli ykdysadyýetiniň ösüş depginini artdyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan tutumly işleriň netijesinde, dünýä ýurtlary bilen özara söwda dolanyşygy barha ýokarlanýar. «Türkmenistanda öndürilen» haryt nyşanly önümler bu gün halkara bazarlarda giňden tanalýar we olar ýokary hili, ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar.

Halkara tejribeden görnüşi ýaly, döwletiň dünýä ykdysadyýetinde tutýan orny onuň daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bilen, has takygy, dünýä bazarlarynda eýeleýän orny bilen kesgitlenilýär. Üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda, ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň artdyrylmagy diňe bir içerki ykdysady mümkinçilikleriň ýokary derejesini alamatlandyrman, eýsem, dünýä bileleşigi bilen jebis gatnaşyklary-da şöhlelendirýär. Ýurdumyzda daşary söwdanyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan söwda-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Daşary haryt dolanyşygynyň ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksportynyň artdyrylmagy, içerki bazaryň halkyň sarp edýän harytlary, önümçilik-tehniki ähmiýetli önümler we ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga niýetlenen enjamlar bilen üpjün edilmegi bu syýasatyň strategik wezipeleriniň hataryndadyr.

Batyr BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň bölüm başlygy.
Beýleki habarlar