Garagumdan Pamire çenli

2 gün öň
43

Ýakynda redaksiýamyzyň elektron salgysyna Täjigistan Respublikasynyň Sadreddin Aýni adyndaky edebiýat gaznasynyň direktory, «Mega-Print» kitap çaphanasynyň wekili, görnükli täjik söz ussady Sadreddin Aýniniň agtygy Iraj Aýniden hat gelip gowuşdy. «Aýni» neşirýatynyň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň aprel aýynda Duşenbä amala aşyran taryhy saparyny, täjigistanly çagalara iberilen dostluk sowgadyny, geçirilen medeni çäreleri Täjigistanda häzirki wagtda hem ýakymly duýgular bilen ýatlaýandyklaryny belleýär. «...Golaýda Duşenbede Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasynyň guramagynda türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäre geçirildi, onuň dowamynda Magtymguly Pyragynyň, türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň sergisi-de guraldy... Häzir atamyň öý-muzeýinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» aty kitaby aýratyn gymmatlyk hökmünde hasaba alyndy. Kitabyň üç dilde terjime edilmegi bolsa, muzeýe gelýänlerde türkmen taryhy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Biziň neşirýatymyzda hem dürli ýyllarda Türkmenistan bilen bagly kitaplar neşir edildi...» diýlip, Iraj Aýniniň hatynda bellenilýär. Dostlukly ýurtdan gelen hoşallyk hatyny okap otyrkaň, şu ýylyň aprelinde Täjigistanyň Duşenbe we Dangara şäherlerinde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň täsirlerine gaýtadan dolanýarsyň.

«Dünýäniň üçeginde»

Muhammet BEKGIÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar