Arkadag şäheri — täze başlangyçlara badalga

2 gün öň
43

Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy uly dabaralara beslendi. Ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri bu gün sebitde şähergurluşygynda öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýan, «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan, ekologiýa ulgamyna uly üns berilýän, sazlaşykly ösýän, ilatyň abadan durmuşy hakynda alada edilýän şäher hökmünde tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäher ençeme halkara güwänamalara eýedir. Arkadag şäherine «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi hem guwandyryjy çözgütdir.

2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylan Arkadag şäheri örän uly taslamadyr. Şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň çäginde durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy guruldy. Geçen ýylyň 16-njy iýunynda bolsa, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbi tutulyp, dabarada şäheriň edaralaryna, guramalaryna dürli görnüşli awtoulag serişdeleri, şol sanda elektromobiller sowgat berildi.

Oguljennet ALLAMYRADOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar