Hoş habaryň buýsanjy

2 gün öň
31

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toý-dabaralary buýsançly köňüllere şatlyk paýlaýar. Bu taryhy ýylda gojaman Köpetdagyň etegine aýratyn görk berýän Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň bellenilmegi toý-dabaralaryň üstüni ýetirdi. Bu baýramçylyk mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly: «Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän binagärlik eseri bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady taýdan rowaçlygyny, ägirt uly mümkinçiliklerini, halkymyzyň bagtyýar we erkana durmuşyny, ýaş nesillerimiziň nurana geljegini alamatlandyrýar».

29-njy iýunda Arkadag şäheriniň häkimliginde geçirilen baýramçylyk maslahatynda «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary barada aýdylan hoş habar ildeşlerimiziň toý şatlygyna şatlyk goşdy. Halkymyzy ýyldyz baradaky maglumat bilen tanyşdyrmak maksady bilen, asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle hem teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy hem buýsançly wakadyr.

Hojadurdy HOJADURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar